Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Siziň nesilleriňiz öz etmişlerini we atalarynyň etmişlerini, olaryň Maňa biwepalyk edip, Meniň garşyma gidendiklerini we Meniň hem olara garşy gidip, olary duşmanlarynyň ýurduna getirendigimi boýun alarlar. Siziň nesilleriňiz boýnuýogynlyk etmeklerini bes edip, öz günäleri üçin ötünç soranlaryndan soň, Men Ýakup bilen eden ähtimi, Yshak bilen eden ähtimi, Ybraýym bilen eden ähtimi we ýurdy size bererin diýip eden wadamy ýatlaryn. Men siziň öňüňizde alkyşlar we näletler goýdum. Olar siziň başyňyza düşende, siz Hudaýyňyz Rebbiň sizi dargadyp goýberen milletleriniň arasyndakaňyz, bu ýalkanyşlary we näletleri ýadyňyza salsaňyz we Hudaýyňyz Rebbe dolanyp, meniň bu günki size tabşyryşym ýaly, özüňiz hem, çagalaryňyz hem tutuş ýüregiňiz bilen jan-tenden Oňa gulak assaňyz, diňe şonda Hudaýyňyz Reb size öňki abadançylygyňyzy gaýtaryp berer we rehim-şepagat eder. Hudaýyňyz Reb sizi dargadyp goýberen başga halklarynyň içinden ýene-de yzyňyza ýygnar. Dolan, ýa Reb! Haçana çenli biz garaşmaly? Öz bendeleriňe et Sen rehimi! Ol ähtini, müň nesle beren sözüni, Ybraýym bilen eden ähtini, Yshaga beren Öz wadasyny elmydama ýatda saklaýar. Ol birine hasrat çekdirse-de, bol merhemetine görä rehim-de eder.
Выбор основного перевода