Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Rebbiň müsürlilere garşy görkezen beýik gudratyny görüp, ysraýyllar Rebden gorkdular. Olar Rebbe we onuň guly Musa iman etdiler. Soňra Musa bilen ysraýyllar Rebbe bagyşlap, şu nagmany aýtdylar: «Men Rebbe nagma aýdaryn. Ol şöhratly ýeňiş gazandy. Aty çapyksuwary bilen deňze gapgardy. Reb meniň güýjüm hem aýdymym. Ol meniň Halasgärim boldy. Ol meniň Hudaýym, Ony alkyşlaryn. Ol atamyň Hudaýy, Ony beýgelderin. Reb esgerdir. Onuň ady Rebdir. Faraonyň söweş arabalaryny ähli goşuny bilen deňze zyňdy. Saýlama urşujylary-da Gyzyl deňizde gark boldy. Olary tolkunlar gaplap, daş kimin çuň düýbe çökdüler. Ýa Reb, Seniň sag goluň güýç-gudratda şöhratlydyr. Ýa Reb, Seniň sag goluň duşmany mynjyradýar. Özüňe garşy çykanlary beýik ýeňşiň bilen çökerýäň. Alawly gazabyňy inderip, olary saman dek ýakýaň. Haýbatly demiňden, suw dik ýokary galdy. Tolkunlar diwar ýaly bolup, çuň deňziň düýbi daş dek gatady. Duşman diýdi: „Kowalaryn, yzlaryndan ýeterin. Oljasyny bölüp, teşneligimi gandyraryn. Gylyjymy ýalaňaçlap, olary ýok ederin“. Üflän ötgür demiňden, deňiz olary gaplady. Olar gurşun kimin äpet suwa çökdüler. Eý, Rebbim, hudaýlaryň arasynda heý-de Seň ýalysy barmydyr? Kim mukaddeslikde Seniň ýaly beýik! Geň gudratlaryňdan gorkup, halk Seni şöhratlar. Sag goluňy uzadanyňda, olary ýer ýuwutdy. Sadyk söýgiň bilen azat eden halkyňa baş bolduň. Beýik güýjüň bilen olara Mukaddes mekanyňa ýol görkezdiň. Milletler eşidende sandyraşýarlar. Piliştlileriň ýüregi ýarylara gelýär. Edomyň beglerini gorky basýar. Mowabyň serdarlaryny ysytma tutýar. Kenganyň ilaty dowla düşýär. Seniň goluň gudratyndan, olaryň üstüne howp we gorky inýär. Öz azat eden halkyň geçip bolýança, olar daş kimin doňýarlar. Sen halkyňy getirip, Öz dagyňda oturdarsyň. Ýa Reb, bu ýeri Öz öýüň üçin saýlarsyň. Ýa Reb, mukaddes öýi Özüň bina edersiň. Reb hemişelik we baky höküm sürer». Faraonyň atlary, söweş arabalary we söweş arabaly esgerleri bilen deňze girende, Reb deňziň suwuny yzyna gaýtaryp, olaryň üstünden inderdi. Emma ysraýyllar deňziň ortasyndan gury ýer bilen geçdiler. Soňra Harunyň aýal dogany Merýem pygamber eline depregini aldy. Hemme aýallar hem depreklerini çalyp, tans edip, onuň yzyna düşdüler. Merýem olara şu aýdymy aýtdy: «Rebbe nagma aýdyň. Ol şöhratly ýeňiş gazandy. Aty çapyksuwary bilen deňze gapgardy».
Выбор основного перевода