Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Diri galanlaryňyz bolsa öz etmişleriňiz we atalaryňyzyň etmişleri zerarly duşmanlaryňyzyň ýurdunda çüýrärsiňiz. Ysraýyllary talaňçylaryň elinden halas etmek üçin Reb serdarlar saýlap çykardy. Emma olar serdarlara-da gulak asmadylar. Tersine, başga hudaýlara sežde edip, Rebbe biwepalyk etdiler; Rebbiň buýruklaryny ýerine ýetiren ata-babalarynyň yzyna eýermän, gaýtam olaryň ýolundan juda tiz çykdylar. Reb olar üçin ýolbaşçy serdary çykaranda, Reb serdar bilen bile bolardy, serdaryň ähli ýaşan ömründe, Reb ysraýyllary duşmanlarynyň elinden halas ederdi. Çünki olar sütemiň we zulumyň goly astynda bolanlarynda, Reb olara rehim ederdi. Şonuň üçin niýetlerine görä ýaşasyn diýip, Men olary kesir ýüreklerine tabşyrdym. Çünki olar Hudaý sözüne tabyn bolmandy, Beýik Hudaýyň öwüdine äsgermezlik edipdi.
Выбор основного перевода