Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Her bir jandaryň jany, bütin adamzadyň demi Onuň elindedir. Hudaý niýet edip, Öz ruhuny, demini yzyna alsa, bütin adamzat heläk bolar, ynsanlar ýene topraga öwrülerler. Ýa Reb, Öz hoşamaýlygyň bilen meni dag dek kuwwatly etdiň; gizlediň Sen menden ýüzüňi, şonda gorky gaplady meni. Rebbe şan-şöhrat bolsun! Rebbi şöhratlandyr, eý, meniň janym! ýerdäki toprak owalky ýagdaýyna öwrülmänkä, ruh ony beren Hudaýyň ýanyna dolanyp barmanka, özüňi Ýaradany ýatla. Gaýtam, özüňi gögüň Taňrysyna garşy goýup, tekepbirlik etdiň. Onuň ybadathanasynyň gap-gaçlaryny seniň huzuryňa getirdiler. Seniň özüň, töreleriň, aýallaryň we gyrnaklaryň olara şerap guýup içdiňiz. Görmeýän, eşitmeýän we bilmeýän, kümüşden, altyndan, bürünçden, demirden, agaçdan, daşdan ýasalan hudaýlary alkyşladyňyz. Emma janyňyzy Öz elinde saklaýan we ähli ýollaryňyza göz-gulak bolýan Hudaýy şöhratlandyrmadyňyz.
Выбор основного перевода