Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Hudaý: «Goý, suw janly-jandarlardan dolup-daşsyn we guşlar hem asmanyň gümmezinde uçsunlar» diýdi. Şeýdip, Hudaý äpet deňiz aždarlaryny, suwda ýüzýän dürli suw jandarlaryny we dürli guş-gumrulary ýaratdy. Ol munuň gowudygyny gördi. Hudaý: «Deňiz jandarlary örňäň, köpeliň, deňizleri dolduryň, ýer ýüzündäki guşlar köpeliň» diýip, olara pata berdi. Şeýdip, gije geçip, daň atdy. Bu bäşinji gündi. Hudaý: «Ýer öz görnüşlerine görä jandarlary: mallary, süýrenijileri hem-de haýwanlary öndürsin» diýdi. Bu şeýle-de boldy. Hudaý ýer ýüzünde dürli haýwanlary, mallary hem-de süýrenijileri döretdi. Ol munuň gowudygyny gördi. Ol dogrulygy, adalaty söýýändir; ýer ýüzi Rebbiň sadyk söýgüsinden doludyr. Ýa Beýik Hudaýym, Seniň bilen deňär ýaly hiç kim ýok! Seniň bize gönükdirilen gudratly işleriň, pikirleriň köpdür. Men olary wagyz edip, aýdasym gelýär, ýöne olar sanardan köpdür. Sen ýeriň aladasyny edýärsiň – ony suwarýarsyň, bolelin kuwwat berýärsiň; bol suwly derýalar arkaly halkyň gallasyny üpjün edýärsiň; sebäbi Sen ony şeýle gurnadyň. Reb danalyk bilen jahany bina etdi; düşünje bilen gökleri ýerleşdirdi.
Выбор основного перевода