Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Size güýç-kuwwat berer ýaly bir bölek nan getireýin, çünki ýoluňyz bendäňiziň üstünden düşdi ahyryn! Soňra ýoluňyzy dowam etdirersiňiz». Olar: «Aýdyşyň ýaly edäý» diýdiler. Zeýtun olara: „Men hudaýlara we adamlara berýän hezzetli ýagymy taşlap, başga agaçlaryň üstünden höküm sürmäge giderinmi?“ diýip jogap beripdir. Üzüm agajy olara: „Men näme hudaýlaryň we adamlaryň göwnüni göterýän şirin-şerbetimi taşlap, agaçlaryň üstünden höküm sürmäge giderinmi?“ diýip jogap beripdir. Sen maňa saçak ýazýarsyň duşmanlarymyň gözleriniň alnynda; ýag çalýarsyň meniň başyma; pürepürdir meniň pyýalam. Çakyry heläk bolup barýana, şeraby ajy hasrat çekýäne bergin. Olar içip, garyplygyny unutsyn, azabyny ýada salmasyn. Meýlis keýpi-sapa üçin edilýändir, şerap durmuşa şatlyk berýändir, pul her mätäçligiň öwezini dolýandyr.
Выбор основного перевода