Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Eger adam adamyň garşysyna günä etse, Hudaý olara aralykçy bolar. Emma adam Rebbiň garşysyna günä etse, onda ony kim gorar?» Emma Eliýiň ogullary öz kakasynyň sözüne gulak asmadylar, çünki Reb olary öldürmegi ýüregine düwüpdi. Emma olar Hudaýyň çaparlaryny masgaralap, Hudaýyň sözlerini äsgermezlik etdiler, Onuň pygamberlerini kemsitdiler. Onsoň Rebbiň Öz halkyna garşy gazaby şeýle bir lowlady welin, ondan gutular ýaly bolmady. Men sizi çagyrdym, meni ret etdiňiz; elimi uzatdym, hiç kim oňa üns bermedi. Gaýtam ähli maslahatymy ret etdiňiz, meniň käýinjimi duýmak islemediňiz. Men-parasat betbagtlygyňyza gülýändirin; sizi gorky basanda ýaňsylaryn. Sizi gorky gaý kimin basanda, betbagtlyk harasat bolup inende, muşakgat hem gaýgy başyňyza düşende, Şonuň üçin oňa betbagtçylyk duýdansyz iner; pagyş-para bolar, şypa tapylmaz. Dogry ýoly terk edýän berk jeza alar, terbiýäni ýigrenýän ölüme barar. Mydama Rebden gorkýan adam nähili bagtly! Ýüregini gataldýanlar bolsa bela uçraýar. Olara Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Küýzegäriň küýzesiniň döwlüşi ýaly, ony täzeden bejerip bolmaýşy ýaly, Men hem bu halky we şäheri şeýdip döwerin. Topetde ölüleri jaýlamak üçin ýer galmaz.
Выбор основного перевода