Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Musa Harunyň bu halky başyna goýberendigini gördi, olar duşmanlarynyň öňünde gülküdiler. Ýetginjek Şamuwel Eliýiň ýanynda Rebbiň huzurynda hyzmat edýärdi. Ol günler Rebbiň sözi seýrek gelerdi, Rebden gelýän ylhamlar azdy. Hökmürowan Reb ýene-de şeýle diýýär: «Şeýle günler geler, Men ýurda açlyk ibererin. Emma bu çörek bilen suwuň gytlygy däl-de, Rebbiň sözlerini eşitmek küýsegi bolar. Rebbiň sözüni agtaryp, ynsanlar deňizden-deňze, demirgazykdan gündogara entärler. Olar ol ýerden bu ýere ylgaşarlar, emma ony tapyp bilmezler. Eger bu zatlara düşünip, olary berjaý etseňiz, bagtly bolarsyňyz. Emma kim azatlyk berýän kämil kanuna üns berip, eşidenlerini ýatdan çykarman, gaýtam, ony berk berjaý edýän bolsa, Hudaý ony her bir edýän işinde ýalkar.
Выбор основного перевода