Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Müsürliler seni görüp: „Bu onuň aýaly“ diýerler; onsoň olar meni öldürerler, seni bolsa diri galdyrarlar. Olaryň sen üçin maňa ýagşylyk ederleri we seniň üstüň bilen meniň janymyň halas bolary ýaly, sen olara: „Men onuň aýal dogany“ diý» diýdi. Beýik Hudaýyň penasynda ýaşaýan ynsan Gudratygüýçliniň kölegesini mesgen ediner. Rebbe diýerin: «Meniň penam hem-de berkitmäm, meniň Hudaýym, özümiň bil baglaýanym». Ol halas eder seni awçyň torundan hem-de heläkleýji mergiden. Ol perleri bilen seni basyrar; ganatlarynyň astynda pena taparsyň, Onuň wepadarlygy galkan, sowutdyr. Gorkmarsyň gijäniň howp-hataryndan ýa-da gündiz uçýan peýkamdan, tümlükde assyrynlyk bilen gelýän mergiden ýa günortan çagy tozdurýan weýrançylykdan. Gapdalyňda müň adam, sagyňda on müň adam ýykylar, emma bu zatlar saňa ýanaşmaz. Sen gözleriň bilen ýöne gararsyň, erbetleriň jezalaryny görersiň. Çünki sen Rebbe: «Meniň penamsyň» diýip, Beýik Hudaýy özüňe mesgen edindiň. Şoňa görä ýamanlyk saňa asla ýanaşmaz, bela-beter çadyryňyň ýanyna gelmez. Seni ähli ýollaryňda goramak üçin, perişdelerine sen babatda Ol emr eder. Aýagyň daşa büdremez ýaly, olar seni ellerinde göterer. Arslany, ýylany sen depgilärsiň, ýolbarsy, alahöwreni sen basgylarsyň. Reb diýýär: «Meni söýýänleri halas ederin, adymy bilýänlere pena bolaryn. Meni çagyranlarynda jogap bererin. Muşakgatlarda olar bilen bolaryn, azat edip, şan-şöhrata beslärin. Olara uzak ömür bagyş ederin olara halas edişimi Men görkezerin». Söze üns berýän rowaç tapar, Rebbe ynanýan bolsa bagtlydyr. Rebbiň ady berk galadyr, dogruçyllar onuň içine özüni atyp howpsuz bolýarlar. Rebbe bil baglan, Rebbe daýanan adam nähili bagtly! Hirod Ýahýany öldürmek isleýärdi, emma halkyň Ýahýany pygamber saýýandygy üçin beýle etmekden gorkýardy. Muňa garamazdan, mejlisiň agzalarynyň köpüsi Oňa iman etdi, emma fariseýler zerarly muny açyk yglan etmediler, sebäbi olar sinagogadan kowulmakdan gorkýardylar. Sebäbi olar ynsanlaryň öwgüsini Hudaýyň öwgüsinden gowy gördüler.
Выбор основного перевода