Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Rebbiň dagyna kim çykyp biler? Mukaddes öýünde kim durup biler? Elleri päk, ýüregi-de ak, köňlüni galplyga gönükdirmeýän, hile bilen kasam etmeýän ynsan. Onsoň aman-esen gezersiň, büdremersiň. Ýigrenjini hile bilen örtse-de, ýamanlygy jemagata aýan bolýandyr. Sadyk gezýänler halas bolar, egri ýolly adamlar bolsa duýdansyz ýykylar. Dogruçyl ýaşap, dogry sözleýänler sütem bilen gazanylan gazanjy ýigrenýänler, elini para almakdan saklaýanlar, gan döküşiklige gulak gabartmaýanlar, ýamanlyga gözlerini ýumýanlar belentliklerde ýaşarlar. Gaýalardaky galalar penalary bolar, çörekleri berler, teşne galdyrylmazlar. Şonuň ýaly, oňat işleriňem käbirleri äşgär, käbirleri bolsa äşgär däldir. Ýöne äşgär dälleri hem iru-giç mälim bolýandyr.
Выбор основного перевода