Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Haçan olar ýele sowrulýan saman ýaly, tüweleý öňündäki saman çöpi ýaly boldular? öz puluny göterimine bermeýän, ýazyksyza garşy para almaýan. Şeýle ynsan asla yranmaz. Birdenkä ol gaýyp boldy-da gitdi; men ony gözledim, emma tapmadym. Olar böwürslen deý tiken çykarmankalar, gök bolsun, gury bolsun, goý, tüweleý äkitsin. Erbetler düňderilip ýok bolýandyr, dogrularyň öýi bolsa berk durýandyr. Erbet öz ýamanlygyndan ýykylýar, dogruçyla bolsa ölümde hem pena garaşýar. Şonuň üçin hem bu sözlerimi eşidip, olary berjaý edýän her bir adam öýüni gaýanyň üstünde guran akylly adama meňzeýär. Ýagyş ýagyp, siller geldi, ýeller öwsüp, ol öýe urdy, emma öý ýykylmady, sebäbi ol gaýanyň üstünde gurlupdy. Meniň bu sözlerimi eşidip, olary berjaý etmedik her bir kişi öýüni çägäniň üstünde guran akmak adam ýalydyr. Ýagyş ýagyp, siller geldi, ýeller öwsüp, ol öýe urdy. Öý ýykylyp, bütinleý wes-weýran boldy». Men saňa şuny aýdaýyn: Eý, Petrus! Sen gaýasyň, Men ýygnagymy bu gaýanyň üstünde guraryn, hatda ölüm-de bu ýygnagymy ýeňip bilmez.
Выбор основного перевода