Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Açgözlükden kalplary rahatlyk tapmaz, arzyly zatlary olary halas etmez. Baýlygyna bil baglaýan ynsanlar, mal-mülküniň köplügine magtanýar. Gazap gününde mal-mülk haýyr berýän däldir, dogruçyllyk bolsa ölümden gutarar. Dogry adamlary dogruçyllygy halas edýär, haýynlar öz nebsine çolaşýarlar. Kümüşleri köçelere taşlanar, altynlary murdar hasaplanar. Altyn-kümüş olara günä etdirýän büdreme daşyna öwrüldi. Şonuň üçin Rebbiň gazap gününde olary altyn-kümüşleri halas etmez, açlykdan gutarmaz ýa-da garynlaryny doýurmaz. Özüme bolsa, eý, janym, köp ýyl üçin ýygnalan ençeme zadyň bar, dynjyňy al, iý, iç, keýp çek diýerin“ diýýär. Emma Hudaý oňa: „Eý, akmak! Edil şu gijäniň özünde janyň alnar. Onsoň özüň üçin taýýarlan zatlaryň kime galar?“ diýýär.
Выбор основного перевода