Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Sözüni jylawlaýan bilimlidir, düşünjeli adam bolsa mylaýym ruhludyr. Hudaýa aýdylan hudaýýolyňy gijikdirme. Çünki Hudaý akylzyslardan hoşal däldir; wadaňy berjaý et. Akylsyz köp gepleýändir. Hiç kim näme boljagyny bilýän däldir. Kim oňa özünden soň näme boljakdygyny aýdyp biler? Men size şuny diýýärin: adamlar aýdan her bir boş sözi üçin kyýamat güni hasap bererler. Siz öz sözüňiz bilen aklanyp, öz sözüňiz bilen höküm edilersiňiz». Eý, söýgüli doganlarym, muňa üns beriň: her bir adam eşitmekde çalt, geplemekde assa, gaharlanmakda haýal bolsun. Biziň hemmämiz hem köp günä edýäris. Emma sözünde hata goýbermän, dilini jylawlap bilýän adam kämil bolup, tutuş bedenine gözegçilik edip bilýändir.
Выбор основного перевода