Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5
Параллельные места
Eger siz Maňa boýun egmän, ähli tabşyryklarymy berjaý etmän, parzlarymdan, hökümlerimden ýüz öwrüp, ähtimi bozsaňyz, Men siziň üstüňizden howp indererin. Bejerip bolmaýan, gözüňi kör edip, lütüňi çykarýan ysytmany Men siziň başyňyzdan indererin. Eken ekinleriňiz özüňize nesip etmez, olary duşmanlaryňyz iýer. Hamym garalyp soýulýar, süýeklerim gyzdyrmadan ýanýar. Iňňildimiň zaryndan ýaňa, meniň derim süňklerime ýapyşýar. Etimi, hamymy çüýretdi, süňklerimi döwüp taşlady. Ýakyp barýan açlygyň derdinden derimiz ýanýan köz kimin gyzardy. Onsoň Ol maňa şeýle diýdi: «Eý, ynsan ogly! Bu süňkler bütin ysraýyl halkydyr. Olar: „Süňklerimiz gurady, umydymyz üzüldi; biz bütinleý ýok edildik“ diýýärler».
Выбор основного перевода