Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5
Параллельные места
Müsür patyşasy öz ýurdundan çykmady, çünki Babyl patyşasy Müsür serhedinden Ýewfrat derýasyna çenli oňa degişli bolan ýerleriň baryny basyp alypdy. Efiopiýa umyt baglaýan, Müsüre öwünýän halk gorkar we utanja galar. Dogrudan-da, depelerden, daglardan gelýän gykylykdyr gowgalar ýalandyr. Hakykatdan hem Hudaýymyz Reb Ysraýyly halas edýär. «Menden medet soramak üçin sizi Meniň ýanyma iberen Ýahuda patyşasyna Ysraýyl Hudaýy Reb şeýle diýýär diýiň: „Ine, size ýardam bermek üçin, Müsürden çykan faraonyň goşuny öz ýurduna Müsüre dolanar. Babyllylar bolsa ýene gelip, bu şähere çozarlar we ony eýeläp ýakarlar“. Müsürliler indi hiç haçan ysraýyl halky üçin arkadaýanç bolmazlar. Gaýtam, Müsüriň betbagtlygy olara Müsüre dolanmak bilen eden günälerini ýatladar. Onsoň ysraýyllar Meniň Hökmürowan Rebdigimi bilerler».
Выбор основного перевода