Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5
Параллельные места
Soňra Reb Ybraýyma: «Halkyň Sodom bilen Gomoranyň garşysyna edýän ahy-nalasyny eşitdim; olaryň günäleri juda agyrdyr. Olar ýatmazdan öň, Sodomyň ýaşu-garry ähli erkek adamlary Lutuň öýüniň daşyny gabadylar. Şol wagt Reb Sodom bilen Gomora galalarynyň üstüne gökden otly kükürt ýagdyryp, bu iki galany daş-töweregi, ähli ilatydyr ösümlikleri bilen bile weýran etdi. Goý, ol adam Rebbiň gaýgyrman ýumran şäherleri kimin bolsun! Säher dady-perýat, günortan ahy-nala eşidilsin! Öz barlygymdan ant içýärin Hökmürowan Reb diýýär uýaň Sodom öz gyzlary bilen seniň özüňiň we gyzlaryňyň edenini etmedi. Size dogrusyny aýdýaryn: kyýamat güni ol şäheriň ýagdaýy Sodom bilen Gomora şäherleriniň ýagdaýyndan has beter bolar. Şeýle-de Sodom bilen Gomoranyň we olaryň töweregindäki şäherleriň adamlary hem edil şol perişdeler ýaly hereket etdiler, olar zynahorlyga köňül berip, azgynçylyga ýüz urdular. Şonuň üçin olar ebedi otda ýanmak jezasyny çekip, hemmelere sapak boldular.
Выбор основного перевода