Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5
Параллельные места
Dawut oňa: «Gorkman, Rebbiň seçip-saýlan adamyny öldürmäge nädip milt etdiň?» diýdi. Seruýanyň ogly Abyşaý: «Näme üçin Şimgi öldürilmeli däl, ol Rebbiň seçip-saýlanyna gargady ahyryn» diýdi. Emma babyllylaryň goşuny patyşanyň yzyndan kowup, Ýeriho düzlüginde yzyndan ýetdi. Patyşanyň bar goşuny onuň ýanyndan gaçyp, dagaşyp gitdiler. Onsoň babyllylar patyşany tutup, Ribla getirdiler. Şol ýerde Babyl patyşasy oňa höküm çykardy. Onuň derwezeleri ýere çökdi; Reb kiltlerini döwüp ýok etdirdi. Patyşasy we ýolbaşçylary ýat milletleriň arasynda galdy. Indi halka öwüt-nesihat berilmeýär, pygamberlerine Rebden görnüş gelmeýär. Men torumy ýazaryn, ol duzagyma düşer. Ony Babyl ýurduna getirerin, emma ol şol ýerde Babyly görmän öler. Milletler ol barada eşitdiler. Ony duzagyna düşürdiler, çeňňege ildirip, Müsüre getirdiler. Töweregindäki milletler oňa hüjüm etdiler; torlaryny ýazyp, ony duzaga düşürdiler. Pudaklarynyň üstünde gögüň ähli guşlary höwürtgelediler; şahalarynyň astynda ähli ýyrtyjy haýwanlar guzladylar we kölegesinde ähli uly milletler mesgen tutdular. Kölegesinde ýaşanlar, ýagny milletleriň arasynda onuň bilen ylalaşyk baglaşanlar hem onuň bilen birlikde ölüler dünýäsine gylyçdan geçirilenleriň ýanyna indiler. Jenaýatçylygy ýok edip, günäleriň soňuna çykmak üçin, etmişlerden saplanmak we ebedi dogruçyllygy berkarar etmek üçin, weliligi hem pygamberligi möhürlemek we iň mukaddesi seçip-saýlamak üçin seniň halkyňa we mukaddes şäheriňe ýediýyllyk ýetmiş möhlet karar edildi.
Выбор основного перевода