Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Onsoň Mikaýa şeýle diýdi: «Şonuň üçin hem sen Rebbiň sözüne gulak goý. Men Rebbiň Öz tagtynda oturanyny, gögüň ähli goşunlarynyň Onuň sagynda we solunda ýakyn duranyny gördüm. Onsoň Mikaýa şeýle diýdi: «Şonuň üçin hem sen Rebbiň sözüne gulak goý. Men Rebbiň Öz tagtynda oturanyny, ähli gögüň goşunlarynyň Onuň sagynda we solunda duranyny gördüm. Milletlere hökümini ýöredýär Hudaý, Öz mukaddes tagtynda oturýar Hudaý. Uzyýa patyşanyň ölen ýyly beýik hem şöhratly tagtyň üstünde oturan Taňryny gördüm. Lybasynyň syýy ybadathanany doldurýardy. «Ýatlamaň öten zatlary, köne zatlara üns bermäň. Gümmeziň depesinde ýakut görnüşli tagtyň keşbi bardy; tagtyň keşbiniň üstünde ynsan görnüşinde bir keşp bardy. Men keşbiň bilinden ýokardaky görnüşini gördüm, ol içi tutuşlaýyn ot görnüşli ýaldyraýan ýakut kimindi, keşbiň bilinden aşakdaky görnüşini-de gördüm, ol ot deýin parlap, töwerek-daşa şöhle saçyp durdy. Hudaý ähli zady Ogluna tabyn edenden soň, Ogul hem Özüni ähli zady Onuň aýak astyna goýan Hudaýa tabyn eder. Bu Hudaýyň ähli zatda doly höküm sürmegi üçindir.
Выбор основного перевода