Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Reb meni ol ýere getirdi. Ine, bir adam peýda boldy, daş keşbi bürünç ýaly ýalpyldaýardy, elinde zygyrdan edilen ýüp we bir ölçeg taýagy bardy; ol derwezede durdy. Ine, Hudaýyň öýüniň daşynda töwerekleýin diwar bardy. Ýaňky adamyň elinde uzynlygy alty tirsek bolan ölçeg taýagy bardy, her tirsek adaty tirsekden dört barmak uzyndy. Ol diwaryň galyňlygyny ölçedi: onuň ini-de, boýy-da bir ölçeg taýagyna deňdi. Onsoň ol adam meni Hudaýyň öýüniň eýwanyna getirip, onuň girelgesiniň gapdal diwarlaryny ölçedi, olaryň uzynlygy bäş tirsekdi; girelgäniň ini on dört tirsek, gapdal diwarlarynyň ini bolsa üç tirsekdi. Maňa bir ölçeg taýagy berlip, şeýle diýildi: «Git-de, Hudaýyň ybadathanasyny, gurbanlyk sypasyny ölçe, ol ýerde sežde edýänleri sana.
Выбор основного перевода