Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Eşidiň we Ýakup nesillerine güwälik ediň, Gudratygüýçli Hudaý – Hökmürowan Reb şeýle diýýär: Çünki daglara şekil beren, ýeli ýaradyp, Öz pikirlerini ynsanlara aýan eden, daň şapagyny garaňkylyga öwren, dünýäniň belent ýerlerine aýak basan Oldur, Onuň ady Reb Hökmürowan Hudaýdyr! Isa oňa şeýle diýdi: «Eý, zenan, Maňa ynan, şeýle bir wagt geler, şonda Ata Hudaýa ne şu dagda, ne-de Iýerusalimde sežde edersiňiz. Emma şeýle bir wagt geler, hakyky sežde edýänler Ata ruhda we hakykatda sežde ederler. Ol wagt eýýäm geldi! Ata Özüne şeýle sežde edýänleri agtarýar. Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Alfa we Omega Mendirin. Men ozal bolan, häzir bar, gelejekde hem boljak Hökmürowan Rebdirin». Bu dört mahlugyň hersiniň alty ganaty bardy. Olaryň hemme ýeri, hatda ganatlarynyň aşagy-da gözlerden dos-doludy. Olar gije-gündiz yzyny üzmän: «Hökmürowan Reb Hudaý mukaddesdir, mukaddesdir, mukaddesdir, Ol geçmişde bardy, häzir hem bar, gelejekde hem boljakdyr» – diýip gaýtalaýardylar.
Выбор основного перевода