Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Sen: „Men ebedi melike bolaryn“ diýdiň, bulara üns bermediň, näme boljagyny oýlanmadyň». Eý, eşreti söýýän, howpsuzlykda ýaşap, içinden: «Diňe men, menden başga ýok, dul oturmaryn, perzent ýitgisini görmerin» diýýän sen muňa gulak goý indi! Bularyň ikisi-de bir günde, duýdansyz başyňa geler: perzentleriňden aýrylarsyň, dul galarsyň. Gözbagçylar köpem bolsa, jadygöýleriň bolam bolsa, bularyň bary başyňa geler. «Eý, ynsan ogly! Sur hökümdaryna Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Sen ýürekde gedemlik edip: ‘Men hudaýdyryn, men deňizler ummanynda, hudaýlaryň tagtynda oturýaryn’ diýdiň; ýüregiňi hudaýlaryň ýüregi kimin tutsaň-da, sen hudaý dälsiň, ynsansyň. Sen Danyýelden has akyllysyň, hiç bir syr senden gizlin däldir. Sen danalygyň we düşünjäň bilen baýlyk edindiň, hazynalaryňda altyn, kümüş topladyň. Söwdada çuň danalygyň bilen baýlygyňy köpeltdiň, baýlygyňdan ýaňa ýüregiňi gedem tutduň“». Şonuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Sen ýüregiňi bir hudaý ýaly tutduň. Munuň üçin Men gelmişekleri, milletleriň iň rehimsizini seniň üstüňe getirerin; olar seniň ajaýyp danalygyňy gylyç bilen kesip, şan-şöhratyňy harlarlar. Seni gabra indererler; sen deňizleriň goýnunda wagşy ölüme duçar bolarsyň. Ine, bu zowky-sapada, howpsuzlykda ýaşap: «Ýeke men, menden başga hiç kim ýok» diýen şäherdir. Gör, ol nähili haraba bolup, wagşy haýwanlaryň sürenine öwrüldi. Gapdalyndan geçýän her kes ony masgaralap, ellerini salgaýarlar.
Выбор основного перевода