Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ondan alnan ähli oljany meýdançada bir ýere ýygnaň. Soňra galany we ondan alnan ähli oljany Hudaýyňyz Rebbe başbitin ýakma gurbanlygy hökmünde oda ýakyň. Ol ýer hemişelik harabaçylyga öwrülsin, hiç haçan täzeden gurulmasyn. Bu kagyzdaky ýazylanlary okap bolanyňdan soň, ony bir daşa baglap, Ýewfrat derýasynyň ortasyna at. Soňra şeýle diý: „Babyl-da şeýdip suwa batar, onuň başyndan inderjek betbagtlygymdan ýaňa, indi ol hiç haçan galyp bilmez“». Ýermeýanyň sözleri şu ýerde gutarýar. Men seni elhenç howpa duçar ederin, sen ýok bolarsyň. Seni gözlärler, emma hiç haçan tapmazlar». Muny Hökmürowan Reb diýýär. Onsoň men gökden aşak inip gelýän başga bir güýçli perişdäni gördüm. Ol buluda bürenipdi, onuň başynyň ýokarsynda älemgoşar şugla saçýardy. Perişdäniň ýüzi gün ýaly şöhle saçýardy, aýaklary bolsa ot sütünleri ýalydy. Emma aždarhanyň ýeňmäge güýji ýetmän, gökdäki ýerlerini elden giderdi.
Выбор основного перевода