Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ýeşuwa we Ysraýylyň ýaşululary ýakalaryny ýyrtyp, özlerini ýüzinligine ýere oklap, başlaryndan gum sowrup, Rebbiň Äht sandygynyň öňünde tä agşama çenli ýas tutup ýatdylar. Olar Eýýuby uzakdan görüp, ony tanamadylar. Onuň dostlary ses edip aglaşdylar, ýakalaryny ýyrtyp, başlaryndan kül sowurdylar. Seslerini gataldyp, seniň üçin perýat ederler, başlaryndan gum sowrarlar, küle togalanarlar. Seniň üçin saçlaryny syryp, jul geýnerler, janhowluna hasrat bilen zar-zar aglap, dady-perýat ederler. Seniň üçin agy aýdyp, ýas tutarlar, ahy-nala çekip, şeýle diýerler: ‘Deňiz ortasynda Sur ýaly dym-dyrs bolan gala barmy? Harytlaryň deňizden çykanda, sen köp halklary doýurdyň, baýlygyň we harytlaryň köplügi bilen patyşalary baýatdyň. Ine, deňizde, suwlaryň düýbünde kül-peýekun bolanyňda, içiňdäki harytlaryň we ähli jemagatyň özüň bilen bile gark boldy’.
Выбор основного перевода