Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Depreklerem şat owazyny kesdi, şadyýan sesler eşidilmedi, lira sem boldy. Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Siziň günleriňizde gözüňiziň alnynda bu ýerden şatlykdyr gülki sesini, öýlenýän ýigit bilen gelniň toý sesini keserin“. Şatlykdyr gülki sesini, öýlenýän ýigit bilen gelniň toý sesini, degirmen daşlarynyň sesini we çyranyň yşygyny olardan aýraryn. Men seniň aýdymlaryňyň sesini keserin, liralaryňyň sesi gaýdyp eşidilmez. Lutuň günlerinde hem şonuň ýaly boldy: adamlar iýip-içip, alyp-satyp, ekip-dikip ýördüler. Men gökden ägirt uly ummanyň güwwüldisi ýaly, güýçli gök gürrüldisiniň sesi ýaly bir ses eşitdim. Bu ses arfaçylaryň çalýan owazyna meňzeýärdi. Ýaňky bir ýüz kyrk dört müň adam tagtyň öňünde, dört mahlugyň we ýaşulularyň öňünde täze aýdym aýdýardylar. Tutuş adamzadyň arasyndan azat edilen bu bir ýüz kyrk dört müň adamdan başga hiç kim bu aýdymy öwrenip bilmeýärdi.
Выбор основного перевода