Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Reb şeýle diýýär: ‘Şu etjek işimi görüp, sen Meniň Rebdigimi bilersiň: Görýäňmi, men şu elimdäki hasa bilen Nil derýasynyň suwuna uran badyma, suw gana öwrüler. Nildäki balyklar öler we derýa porsar. Müsürliler Niliň suwundan içip bilmezler’“». Reb Musa: «Haruna aýt: „Hasasyny alsyn-da, Müsüriň ähli suwlaryna: olaryň derýalaryna, ýaplaryna, howuzlaryna we ähli suw howdanlaryna hasasy bilen urup çyksyn. Müsüriň ähli suwlary, hatda çelekdäki we daş küýzelerdäki suwlar hem gana öwrüler“» diýdi. Musa bilen Harun Rebbiň buýruşy ýaly etdiler. Harun faraonyň we onuň emeldarlarynyň öňünde hasasyny uzadyp, Nil derýasynyň suwuna urdy, Nil derýasynyň tutuş suwy gana öwrüldi. Nildäki balyklar ölüp, derýa porsady. Şeýlelikde, müsürliler Nil derýasyndan suw içip bilmediler, Müsüriň ähli suwy gana boýaldy. Guzy ikinji möhüri döwende, ikinji mahlugyň hem: «Bäri çyk!» diýenini eşitdim. Şonda ikinji bir at – gyzyl at çykdy. Adamlar biri-birini öldürer ýaly, şol atla ýer ýüzüni parahatlykdan mahrum etmäge ygtyýar berlendi. Oňa uly bir gylyç hem berildi.
Выбор основного перевода