Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ol kül tutuş Müsürde tozana öwrüler. Tozan bolsa adamlaryň we haýwanlaryň bedenine siňip, olarda açyk iriňli çybanlar emele getirer» diýdi. Şeýlelikde, Musa bilen Harun küreden kül alyp, faraonyň öňünde durdular. Musa küli howa seçdi weli, adamlarda we haýwanlarda açyk iriňli çybanlar emele geldi. Müsür jadygöýleri bu çybanlardan ýaňa Musanyň ýanyna baryp bilmediler. Çünki çybanlar jadygöýleriň hem, ähli müsürlileriň hem üstünden inipdi. Reb dyzyňyza, aýagyňyza, ökjäňizden tä süýr depäňize çenli agyryly çybanlar çykarar. Birinji perişde surnaýyny çaldy. Gan gatyşykly doly we ot döräp, ýer ýüzüne döküldi. Ýeriň üçden biri, agaçlaryň üçden biri, gök otlaryň bary ýanyp köýdi.
Выбор основного перевода