Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Şundan soň, Musa hasasyny asmana uzatdy we Reb gök gürledip doly ýagdyrdy, ýyldyrym çakyp, ýere ot düşdi. Şeýdip, Reb Müsürde güýçli doly ýagdyrdy. Doly ýagýarka, doly bilen bir wagtda ýyldyrym çakyp, yzy üzülmän ýere ot düşüp durdy. Müsürliler millet bolaly bäri, onuň tutuş ýerinde hiç haçan şeýle güýçli doly ýagmandy. Onsoň Hudaýyň gökdäki ybadathanasy açylyp, onuň içindäki Äht sandygy göründi. Şol pursatda ýyldyrymlar çakdy, batly sesler, gök gürrüldisi eşidildi, ýer titräp, güýçli doly ýagdy. Güýçli howur ynsanlary ýakyp-köýdürdi. Ýöne olar toba gelmediler, Hudaýy şöhratlandyrmadylar. Tersine, bu belalara hökümini ýöredýän Hudaýa gargadylar. Olar etmişlerinden dänmediler, toba gelmediler, tersine, ejirleri we ýaralary üçin Gögüň Hudaýyna gargadylar.
Выбор основного перевода