Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Olaryň üstüne Öz gazabyňy dök, gaharyňyň ody olaryň üstüne insin. Eý, Rebbiň sözüne titreýänler, Onuň sözüne gulak goýuň: «Sizi ýigrenýän, Meniň adym üçin sizi ret edýän doganlaryňyz: „Reb şöhratlandyrylsyn, bizem siziň şatlygyňyzy göreli!“ diýdiler. Emma olaryň özleri utandyrylar». Gazabyňy dök Seni tanamaýan milletleriň, adyňy çagyrmaýan halklaryň üstünden. Çünki olar Ýakubyň neslini ýalmadylar, ony ýuwudyp, ýok etdiler, mekanyny weýran etdiler. Munuň üçin Reb şeýle diýýär: «Siz Maňa garaşyň, halklara höküm etjek günüme çenli garaşyň. Çünki Meniň kararym milletleri toplap, patyşalyklary bir ýere jemläp, gaharymy, lowlaýan gazabymy başlaryndan indermekdir. Gabanjaň gazabymyň ody bütin dünýäni ýakyp kül eder.
Выбор основного перевода