Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Isa Jelile kölüniň kenaryndan geçip barýarka, köle tor taşlap duran iki dogany gördi. Olaryň biri Petrus lakamly Simun, beýlekisi hem Andrysdy. Olar balykçydylar. Isa olara: «Meniň yzyma düşüň, Men sizi ynsan tutýan balykçylar edeýin» diýdi. Olar hem şol wagtyň özünde torlaryny taşlap, Onuň yzyna düşdüler. Biraz ýöränlerinden soň, Isa başga iki dogany, Zebedeýiň ogullary Ýakup bilen Ýohannany gördi. Olar gaýygyň içinde kakalary Zebedeý bilen torlaryny bejerip otyrdylar. Isa olary çagyrdy. Olar hem dessine gaýyk bilen kakalary Zebedeýi taşlap, Isanyň yzyna düşdüler. Emma Isa oňa: «Meniň yzyma düş, goý, ölülerini ölüleriň özleri jaýlabersinler» diýdi. Ertesi gün Isa Jelilä gitmegi ýüregine düwdi. Ol Filipi tapyp: «Meniň yzyma düş!» diýdi. Isa bulary Petrusyň nähili ölüm bilen ölüp, Hudaýy şöhratlandyrjakdygyny bildirmek üçin aýtdy. Muny aýdandan soňra oňa: «Meniň yzyma düş» diýdi.
Выбор основного перевода