Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ol bellenen adam söweşde baştutan bolup, halkyň öňüne düşsün, goý, Rebbiň jemagaty çopansyz süri ýaly bolmasyn» diýdi. Onsoň Mikaýa: «Men bütin ysraýyllary daglardaky çopansyz goýun sürüsi kimin dagynyk halda gördüm. Reb şeýle diýýär: „Bularyň baştutany ýok, olaryň hersi sag-salamat öýüne gaýtsyn“ diýdi». Onsoň Mikaýa: «Men bütin ysraýyllary daglardaky çopansyz goýun sürüsi kimin dagynyk halda gördüm. Reb şeýle diýýär: „Bularyň baştutany ýok, olaryň hersi sag-salamat öýüne gaýtsyn“» diýdi. Çopanyň ýokdugy sebäpli olar dargadyldy; olar dargadylanda, ýyrtyjy haýwanlara şam boldular. Butlar bimany gepleýärler, palçylar ýalan sözleýärler, galp düýşleri ýorýarlar, soňy boş göwünlik berýärler. Şol sebäpden goýun ýaly ygyp ýörler, çopansyzdyklary üçin ejir çekýärler. Ol gaýykdan düşende, uly mähelläni görüp, olara haýpy geldi, olaryň hassalaryny sagaltdy. Isa gaýykdan düşende, uly mähelläni görüp, olara haýpy geldi, sebäbi olar çopansyz goýunlar ýalydy. Şonuň üçin olara köp zatlary öwretmäge başlady.
Выбор основного перевода