Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Şamuwel şeýle diýdi: «Rebbe ýakma gurbanlyklardyr sadakalar bereniň bilen, Onuň Özüne boýun egilişindäki ýaly göwni galkynarmyka? Çünki boýun egmeklik gurbanlykdan, gulak asmaklyk goçuň ýagyndan has belentdir. Hiç kes dawa etmesin. Hiç kes başgany aýyplamasyn. Seniň halkyň ruhana garşy aýyplama getirýäne meňzeýändir. Rebbiň huzuryna näme bilen baraýyn? Gökdäki Hudaýa nähili sežde edeýin? Onuň huzuryna ýakma gurbanlygy bilen baraýynmy? Ýa-da bir ýaşar göleler bilen? Reb müňlerçe goçdan, On müňlerçe zeýtun ýagly derýadan hoşal bolarmy? Ýazygym üçin nowbahar oglumy bereýinmi? Janymyň günäsi üçin bilimden öneni bereýinmi? Eý, adamzat, Reb ýagşynyň nämedigini saňa bildirdi. Adalaty berjaý etmekden, merhemeti söýmekden, Hudaýyňyzyň öňünde kiçi göwünli gezmekden başga Reb sizden näme talap edýär? Siz: „Men gurbanlyk däl-de, rehim-şepagat isleýärin“ diýen sözüň manysyny bilsediňiz, günäsizleri höküm etmezdiňiz. Bu pes göwünlilerden birini äsgermezlik etmekden gaça duruň! Men size şuny aýdýaryn: gökde olaryň perişdeleri gökdäki Atamyň ýüzüni elmydama görýärler. Şoňa görä-de: «Isa Mesih günäkärleri halas etmäge geldi» diýen sözler dogry we her jähtden kabul ederlikdir. Şol günäkärleriň iň günäkäri-de mendirin.
Выбор основного перевода