Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
«Agam, meniň hyzmatkärim öýde agyr ýatyr. Çekýän jebrinden ýaňa gozganyp-da bilenok» diýip ýalbardy. Isa öwrülip, ony gördi-de: «Eý, naçar, dogumly bol, imanyň saňa şypa berdi» diýdi. Aýal şol pursadyň özünde sagaldy. Hemmeler Ony görüp gorkdular. Emma Isa dessine olara söz gatyp: «Bu – Men, gorkmaň! Dogumly boluň!» diýdi. Isa aýak çekip: «Ony çagyryň» diýdi. Köre: «Dogumly bol, tur ýeriňden, Ol seni çagyrýar» diýdiler. Onsoň Isa ol aýala: «Seniň günäleriň geçildi» diýdi. Musa bilen Ylýas Isanyň ýanyndan aýrylyp barýarkalar, Petrus näme diýýänini özi-de bilmän, Oňa: «Halypa! Bize bu ýerde bolmak ýakymly, üç çadyr dikeli: biri – Saňa, biri – Musa, biri – Ylýasa» diýdi. Şol gije Reb Isa Pawlusa görnüp, oňa: «Mert bol! Sen Men hakda Iýerusalimde nähili şaýatlyk eden bolsaň, Rimde-de şeýle şaýatlyk etmelisiň» diýdi.
Выбор основного перевода