Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Olaň hasylyny wes-weýran ederin, üzüm şahalary-da, injir agajy-da miwe bermez, hatda ýapraklary-da gurar. Olara näme beren bolsam, ellerinden alnar». Muny Reb aýdýandyr. Ol şeýle jogap berdi: «Gögüň Şalygynyň syrlaryna düşünme ukyby size berildi, olara berilmedi. Kimde bar bolsa, oňa ýene berler, ondaky bol bolar; kimde ýok bolsa, onuň elindäki hem alnar. Kimde bar bolsa, oňa berler, kimde ýok bolsa, onuň elindäki hem alnar» diýdi. Şonuň üçin hem nähili diňleýändigiňize üns beriň. Kimde bar bolsa, oňa ýene berler, ýöne kimde ýok bolsa, özüniňki hasap edýän zady hem elinden alnar». Ol: „Men size diýýärin, kimde bar bolsa, oňa berler, kimde ýok bolsa, onuň elindäki hem alnar. Ol Meniň miwe bermeýän her bir şahamy kesip taşlaýar, miwe berýänini bolsa tämiz bolar ýaly we köp miwe berer ýaly timarlaýar. Şonuň üçin ägä boluň. Çeken zähmetiňizi ýele sowurman, onuň rähnetini doly görer ýaly, berk duruň.
Выбор основного перевода