Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Hojaýynyň sadyk hem akylly hyzmatkäri kim? Beýleki hyzmatkärlerine wagtly-wagtynda nahar bermek üçin, olaryň üstünden goýan adamy dälmi? Hojaýyny dolanyp gelende, işiniň başynda gören hyzmatkäri nähili bagtly! Size dogrusyny aýdýaryn: hojaýyny ähli mal-mülküni şoňa ynanar. Az zatda ynamdar bolan köp zatda hem ynamdardyr, az zatda ynamdar bolmadyk köp zatda-da ynamdar bolup bilmez. Şeýlelikde, dünýäniň baýlygynda ynamdar bolmasaňyz, size çyn baýlygy kim ynanar? Başga biriniň emlägi babatda ynamdar bolmasaňyz, öz emlägiňizi size kim berer? Şeýle hyzmatçylardan bolsa sadyklyk talap edilýändir. Men ökde söweşiji kimin söweşdim, pellehana ýetdim, imanyma sadyk galdym. Dogrulyk Kazysy bolan Reb Isa Öz geljek gününde maňa dogrulyk täjini baýrak berer. Ol bu baýragy diňe maňa däl, eýsem Özüne intizarlyk bilen garaşýanlaryň her birine berer.
Выбор основного перевода