Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Isa olara başga bir tymsal hem gürrüň berdi: «Gögüň Şalygy öz atyzynda oňat tohum eken adama meňzeýär. Billeriňiz guşalgy, çyralaryňyz ýakylgy bolsun. Toýdan gelip, hojaýyny gapyny kakanda, dessine oňa gapyny açmaga garaşýan adamlar ýaly boluň. Hojaýyny dolanyp gelende, onuň oýa görjek hyzmatkärleri neneňsi bagtly! Size dogrusyny aýdýaryn, hojaýyn bilini guşap, hyzmatkärlerini saçak başynda oturdar. Ýanyna gelip, olara özi hyzmat eder. Hojaýyn isle ýarygije, isle daňdan gelsin, onuň gelende, oýa görjek hyzmatkärleri neneňsi bagtlydyr! Men sizi Hudaýyň gabanjaňlygy bilen gabanýandyryn. Sebäbi men sizi ýeke-täk bir Ýigide, ýagny Mesihe adaglap, sizi Oňa päk gyz hökmünde niýetledim. Geliň, begeneliň hem şatlanalyň! Ony şöhratlandyralyň! Çünki Guzynyň toýy başlanýar, Onuň gelinligi hem taýýar bolup dur:
Выбор основного перевода