Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
«Şonuň üçin hem Gögüň Şalygy öz dolandyryjysy bilen hasaplaşmak islän bir patyşa meňzeýär. Patyşa hasaplaşyga başlanda, onuň ýanyna ägirt möçberdäki pul bergisi bolan bir dolandyryjysyny getirýärler. Ol hyzmatkärlerinden onusyny ýanyna çagyryp, olara: „Men gelýänçäm, şu puly işlediň“ diýip, hersine bir horjun pul berýär. Bize berlen merhemete görä, her birimiziň dürli ruhy peşgeşlerimiz bardyr. Şonuň üçin-de, kim pygamberlik peşgeşini alan bolsa, goý, özüne berlen imana görä pygamberlik etsin. Eger hyzmat bolsa, goý, hyzmat etsin; öwrediji bolsa, goý, öwretsin. Eger nesihatçy bolsa, nesihat bersin; mätäçlere haýyr-sahawat ediji bolsa, muny sahylyk bilen etsin. Eger baştutanlyk berlen bolsa, muny yhlas bilen ýerine ýetirsin, rehim-şepagat etmeklik berlen bolsa, muny göwünjeňlik bilen etsin.
Выбор основного перевода