Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Emma siz ýa-da siziň ogullaryňyz Meniň yzyma eýermekden ýüz dönderseňiz, öňüňizde goýan tabşyryklarymy, parzlarymy berjaý etmän, gidip başga hudaýlara hyzmat edip, olara sežde etseňiz, onda Men ysraýyl halkyny özlerine beren ýerimden mahrum ederin. Özüme ybadat edilmegi üçin mukaddes eden bu öýümi ret ederin. Ysraýyl halky beýleki halklara gep hem gülki bolar. Şu öý harabalyga öwrüler. Onuň ýanyndan geçýän her bir kişi oňa haýranlar galyp, pyşyrdaşyp: „Reb näme üçin bu ýurdy, bu öýi beýle terk etdikä?“ diýer. Men halkymy terk etdim, mirasymy taşladym, jandan söýýän halkymy duşmanlarynyň eline berdim. Eger-de bu sözleri diňlemeseňiz, Öz barlygymdan ant içýärin, bu öý haraba döner. Muny Reb aýdýandyr“. Isa ybadathanadan çykyp barýarka, şägirtleri ybadathananyň binalaryna guwanyp, ony Isa görkezmek üçin, Onuň ýanyna geldiler. Soňra Petrus sözüni dowam edip, şeýle diýdi: «Zeburda: „Goý, onuň öýi çolaryp galsyn, ol ýerde hiç kim mesgen tutmasyn“, şeýle hem: „Başga biri onuň ornuny alsyn“ diýlip ýazylan.
Выбор основного перевода