Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Bazardan gelenlerinde-de, ýuwunman hiç zat iýmeýärdiler. Şeýle-de käse, gap-çanak, gazanlary tämizlemek ýaly dessurlary hem saklaýardylar. Şonuň üçin fariseýler bilen Töwrat mugallymlary Isadan: «Näme üçin Seniň şägirtleriň ata-babalarymyzdan galan adata eýermeýärler? Näme üçin ellerini ýuwman nahar iýýärler?» diýip soradylar. Isa olara: «Işaýa pygamber siz ikiýüzlüler hakda jaýdar pygamberlik edipdir! Onda şeýle ýazylan: „Bu halk Meni dilinde hormatlaýar, emma ýürekleri Menden uzakdadyr. Biderek ýere Maňa sežde edýärler, taglymat diýip öwredýänleri ynsan buýruklarydyr“. Siz ynsan däp-dessurlaryna eýerip, Hudaýyň buýrugyny terk edýärsiňiz» diýdi. Isa ýene olara şeýle diýdi: «Öz adatlaryňyzy berjaý etmek üçin, siz Hudaýyň buýruklaryndan ýüz döndermegiň oňat ýoluny tapypsyňyz! Musa: „Ata-eneňe hormat goý“ we „Atasyna ýa-da enesine gargan adam ölüme höküm edilsin“ diýip buýrupdy. Emma siz kimdir biriniň ene-atasyna: „Men size kömek edip biljek däl. Size bermegi niýet eden zatlarym korbandyr“ (korban – „Hudaýa sadaka“ diýmegi aňladýar) diýip aýtmagyny dogry hasaplaýarsyňyz, şunlukda, siz oňa öz ata-enesine kömek bermegi gadagan edýärsiňiz. Emma siz kimdir biriniň ene-atasyna: „Men size kömek edip biljek däl. Size bermegi niýet eden zatlarym korbandyr“ (korban – „Hudaýa sadaka“ diýmegi aňladýar) diýip aýtmagyny dogry hasaplaýarsyňyz, şunlukda, siz oňa öz ata-enesine kömek bermegi gadagan edýärsiňiz. Şeýdip, siz nesilden-nesle galdyrýan adatlaryňyzyň hatyrasyna Hudaýyň sözüni puja çykarýarsyňyz. Başga-da şuňa meňzeş köp zatlary edýärsiňiz». Emma Reb Isa oňa şeýle diýdi: «Ine, siz fariseýler käsedir gap-çanagyň daşyny arassalaýarsyňyz, emma içiňiz açgözlükden hem pislikden doludyr. Akmaklar! Daşyny ýaradan içini-de ýaratmadymy?
Выбор основного перевода