Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Beýlekiler kemsidilende: „Ýeriňden gal“ diýýäň, çünki Hudaý pes göwünlileri halas edýär. Adamyň tekepbirligi ony peseldýändir, pesgöwünli adam bolsa hormat gazanýandyr. Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Selläňi aýyr, täjiňi çykar. Indi bu beýle bolmaz. Pes bolan beýgeler, beýik bolan peseler. Özüni ýokary tutýan adam peseldiler, pes tutýan bolsa beýgeldiler». Men size fariseýiň däl-de, salgytçynyň aklanyp gidendigini aýdýaryn, sebäbi kim özüni ýokary tutsa, peseldiler, kim özüni pes tutsa, beýgeldiler». Emma Hudaý bize has beýik merhemet berýär. Şoňa görä Mukaddes Ýazgylar şeýle diýýär: «Hudaý tekepbirlere garşydyr, emma pespäl adamlara merhemet edýändir». Eý, ýaşlar, siz hem ýaşululara tabyn boluň. Hemmäňiz biri-biriňiz bilen pespäl boluň, sebäbi «Hudaý tekepbirlere garşydyr, emma pespäl adamlara merhemet edýändir».
Выбор основного перевода