Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Kabyl öz dogany Habyla: «Ýör, çeträge çykaly» diýdi. Meýdanda Kabyl Habyla topulyp, ony öldürdi. Reb Kabyldan: «Doganyň Habyl nirede?» diýip sorady. Ol: «Habarym ýok, men näme doganymyň sakçysymy?» diýdi. Reb Kabyla şeýle diýdi: «Sen nämeler etdiň?! Doganyňyň gany toprakdan Maňa perýat edýär. Onsoň Ýehoýada ruhanynyň ogly Zekarýanyň üstüne Hudaýyň Ruhy indi. Zekarýa halkyň öňünde dik durup, şeýle diýdi: «Reb şeýle diýýär: „Näme üçin Rebbiň tabşyryklaryny terk edýärsiňiz? Siziň işiňiz rowaç almaz. Rebbi terk edendigiňiz üçin, Ol hem sizi terk etdi“». Emma halk Zekarýanyň garşysyna dil düwşüp, ony patyşanyň tabşyrygy bilen Rebbiň öýüniň howlusynda daşlap öldürdi. Patyşa Ýowaş Zekarýanyň kakasy Ýehoýadanyň özüne eden ýagşylyklaryny ýatlaman, onuň ogluny öldürdi. Zekarýa ölmeziniň öň ýanynda: «Reb muny görüp, hasabyny sorasyn!» diýdi. Emma şuny berk bilip goýuň, eger meni öldürseňiz, bu şäher-de, munda ýaşaýan ilat bilen siz-de dökülen bigünä gan üçin jogapkär bolarsyňyz. Hakykatdan hem, bu sözleriň baryny siziň gulagyňyza ýetirmegim üçin meni Reb ýollady». Darýuşyň patyşalygynyň ikinji ýylynyň sekizinji aýynda Ydonyň agtygy, Berekýanyň ogly Zakarýa pygamberiň üsti bilen Rebbiň şu sözi aýan boldy: Şeýtana degişli bolup, öz doganyny öldüren Kabyl ýaly bolmalyň. Kabyl ony näme üçin öldürdi? Sebäbi öz eden işleri pislikdi, doganynyňky bolsa dogrudy. Habyl iman arkaly Hudaýa Kabyldan has gowy sadaka hödürledi. Hudaý Habylyň sadakasyndan hoşal bolup, ony imany arkaly dogruçyl adam saýdy. Habyl ölen hem bolsa, iman arkaly häzirem gepleýär. Siz täze ähtiň Binýatçysy Isanyň huzuryna geldiňiz. Habylyň öç almaga gygyrýan ganyna däl-de, eýsem günälerimizi ýuwmak üçin sepilen Isanyň ganyna ýakynlaşdyňyz. Pygamberleriň we Hudaýyň halkynyň – dünýäde öldürilenleriň ählisiniň gany sende tapyldy».
Выбор основного перевода