Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Öz halkyňdan öç alma, olaryň hiç biri babatda içiňde kitüw saklama. Gaýtam, ýakynyňy özüňi söýşüň ýaly söý. Men Rebdirin. Siz: „Ýakynyňy söý, duşmanyňy ýigren“ diýlenini hem eşidensiňiz. Ol Isadan: «Haýsy tabşyryklaryny?» diýip sorady. Isa: «Adam öldürme, zyna etme, ogurlyk etme, ýalan şaýatlyk etme, ata-eneňe hormat goý, ýakynyňy özüňi söýşüň ýaly söý» diýip jogap berdi. Çünki «Zyna etme, adam öldürme, ogurlyk etme, başganyň zadyna göz dikme» diýen we başga buýruklaryň bary «Ýakynyňy özüňi söýşüň ýaly söý» diýen buýrukda jemlenendir. Çünki tutuş Mukaddes Kanun: «Ýakynyňy özüňi söýşüň ýaly söý» diýen bir buýrukda jemlenendir. Eger siz Mukaddes Ýazgylardaky: «Ýakynyňy özüňi söýşüň ýaly söý» diýen iň möhüm buýrugy ýerine ýetirýän bolsaňyz, dogry iş edýänsiňiz.
Выбор основного перевода