Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Hudaýyň huzurynda patyşa sadyk boljakdygyňa ant içendigiň üçin, onuň tabşyryklaryny sakla. Olar Isany ýazgarmaga başladylar: «Biz bu adamyň milletimizi azdyrýandygyny gördük. Ol imperatora salgyt tölemäge garşy çykýar we Özüni Mesih hem Patyşa diýip atlandyrýar». Her bir ynsan öz üstünden höküm sürýän häkimiýete tabyn bolsun, sebäbi Hudaý tarapyndan bolmadyk häkimiýet ýokdur. Höküm sürýän häkimiýetler Hudaý tarapyndan bellenendir. Siz salgytlary hem şu sebäbe görä töleýänsiňiz. Sebäbi häkimiýet ýolbaşçylary öz borçlaryny berjaý etmek bilen, Hudaýa hyzmat edýändirler. Şoňa görä-de, her kese berilmelisini: salgyt bolsa – salgydy, gümrük bolsa – gümrügi, gorky bolsa – gorkyny, hormat bolsa – hormaty beriň. Siz her bir ynsan häkimiýetine Rebbiň haky üçin tabyn boluň. Ýurduň başy bolan patyşa bolsun ýa-da onuň bellän emeldarlary bolsun, tapawudy ýok, olara tabyn boluň. Patyşa öz emeldarlaryny ýamanlyk edenleri jezalandyrmaga, ýagşylyk edenleri taryplamaga belledi. Sebäbi Hudaýyň islegi siziň ýagşylyk edip, akylsyz nadanlaryň agzyny ýumdurmagyňyzdyr. Azat adam ýaly ýaşaň, emma öz azatlygyňyzy erbetlik etmek üçin ulanmaň. Hudaýyň gullary dek ýaşaň. Hemmelere hormat goýuň. Imanly doganlaryňyzy söýüň, Hudaýdan gorkuň, patyşany sylaň.
Выбор основного перевода