Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Çünki men Penakärimiň diridigini, ahyrynda Onuň bu ýerde durjakdygyny bilýärin. Mazarlar açylyp, ölen ençeme mukaddes adamlaryň jesedi direldi. Olar mazarlardan çykyp, Isa direlenden soň, mukaddes şähere baryp, köplere göründiler. Pawlus olaryň bir böleginiň saddukeýler, beýleki böleginiň-de fariseýlerdigini bilip: «Eý, doganlar, men fariseý, fariseýiň ogludyryn. Men ölüleriň direlýändigine umyt baglaýandygym üçin höküm edilýärin!» diýip, mejlisde batly gygyrdy. (Saddukeýler direliş-de, perişde-de, ruh-da ýok diýýärdiler, fariseýler bolsa bularyň hemmesine ynanýardylar.) Bu iň soňky surnaý çalnanda göz-açyp ýumasy salymda, bir pursatda amala aşar. Surnaý çalnar, merhumlar çüýremezek halda direldiler, biz hem özgerdileris.
Выбор основного перевода