Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Şonuň üçin adamlaryň özüňize näme etmegini isleýän bolsaňyz, siz-de olara şeýle ediň, sebäbi Musanyň kanuny bilen pygamberleriň ýazgylary-da şunda jemlenýär. Isa bulary gürrüň berip gutaranda, mähelle Onuň taglymatyna haýran galdy, Ol Öz dogduk mekanyna gelip, adamlara olaryň sinagogalarynda sapak bermäge başlady. Adamlar Oňa haýran galyp: «Bu Adam beýle danalygy nireden aldyka? Ol nädip beýle mugjyzalary görkezmegi başarýarka? Muny eşiden ýolbaşçy ruhanylar bilen Töwrat mugallymlary Isany öldürmegiň küýüne düşdüler. Olar Isadan gorkýardylar, sebäbi tutuş halk Isanyň taglymatyna haýran galýardy.
Выбор основного перевода