Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Başgalaryň özüňize eden ýazyklaryny bagyşlasaňyz, gökdäki Ataňyz hem siziň ýazyklaryňyzy bagyşlar. Emma siz olaryň ýazyklaryny bagyşlamasaňyz, Ataňyz hem siziň ýazyklaryňyzy bagyşlamaz. Hudaýa doga okamaga duran mahalyňyz birinden öýke-kinäňiz bar bolsa, ony bagyşlaň, şonda gökdäki Ataňyz hem siziň ýazyklaryňyzy bagyşlar». Biri-biriňize mähirli we rehim-şepagatly boluň. Hudaýyň sizi Mesih arkaly bagyşlaýşy ýaly, siz hem biri-biriňizi bagyşlaň. Biri-biriňize sabyrlylyk bilen çydaň. Araňyzda öýke-kine bar bolsa, biri-biriňizi bagyşlaň. Rebbiň sizi bagyşlaýşy ýaly, siz hem bagyşlaň. Sebäbi rehimsiz adama rehimsizlik bilen höküm ediler. Rehimli adama bolsa rehimlilik bilen höküm ediler.
Выбор основного перевода