Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Kabyl üçin ýedi gezek öç alynsa, Lemek üçin ýetmiş ýedi gezek öç alnar». Baş ruhany günä gurbanlygy üçin berlen öküzçe bilen näme eden bolsa, bu öküzçe bilen hem şeýle etsin. Ol günä gurbanlygy üçin berlen bu öküzçe bilen halky günäsinden saplasyn we Hudaý halkyň günäsini geçer. Emma ata-babalarymyz tekepbirlik hem boýnuýogynlyk etdiler, Seniň tabşyryklaryňa gulak asmadylar. Gulak asmakdan boýun towlap, olaryň arasynda Seniň görkezen gudratlaryňy ýatdan çykardylar. Olar boýnuýogynlyk edip, Müsürdäki gulçulyklaryna dolanyp barmak üçin özlerine ýolbaşçy bellediler. Emma Sen geçirimli, merhemetli, rehimdar, giň göwünli we sadyk söýgä baý Hudaý. Sen olary terk etmediň. Olar hatda özlerine göle heýkelini ýasap: „Sizi Müsürden çykaran hudaý, ine, şudur!“ diýip, Saňa erbet dil ýetirenlerinde-de, beýik rehimdarlygyň üçin Sen olary çölde ýeke taşlamadyň. Olara ýol görkezmäge gündizlerine bulut sütünini, gijelerine-de ýörejek ýollaryny ýagtyldyp, gitmeli ugurlaryny görkezer ýaly ot sütünini depelerinden aýyrmadyň. Olar hatda özlerine göle heýkelini ýasap: „Sizi Müsürden çykaran hudaý, ine, şudur!“ diýip, Saňa erbet dil ýetirenlerinde-de, beýik rehimdarlygyň üçin Sen olary çölde ýeke taşlamadyň. Olara ýol görkezmäge gündizlerine bulut sütünini, gijelerine-de ýörejek ýollaryny ýagtyldyp, gitmeli ugurlaryny görkezer ýaly ot sütünini depelerinden aýyrmadyň. Olara öwüt bermek üçin paýhasly Ruhuňy berdiň. Mannany olaryň agzyndan kesmediň, suwsanlarynda suw berdiň. Olary kyrk ýyllap çölde eklediň, hiç zada zar etmediň. Olaryň eşikleri könelmedi, aýaklary gabarmady. Olara patyşalyklary, halklary berip, her bir künjegi deň paýladyň. Şeýdip, olar Heşbon patyşasy Sihonyň ýurduny we Başan patyşasy Oguň ýurduny eýelediler. Nesillerini gögüň ýyldyzlary kimin köpeldip, olary eýelemäge bararsyňyz diýip atalaryna aýdan ýurduňa getirdiň. Olaryň nesilleri gelip, ýurdy eýelediler. Sen ýurduň ilatyny, kenganlary olara boýun egdirdiň. Halanlaryny etsinler diýip ýurduň halklaryny patyşalary bilen birlikde olaryň ellerine berdiň. Şeýdip, olar galaly şäherleri, mes toprakly ýerleri basyp aldylar. Içi oňat zatlardan doly öýleri, gazylan guýulary, üzüm baglaryny, zeýtun baglaryny, köp sanly miweli agaçlary eýelediler. Şeýdip, olar iýip doýdular, semrediler. Seniň uly sahawatyňdan lezzet aldylar. Muňa garamazdan, olar gulak asmazak boldular. Olar Saňa garşy pitne turzup, Seniň kanunyňy ýigrendiler. Saňa tarap öwrülmelidiklerini duýduran pygamberleriňi öldürdiler. Saňa erbet dil ýetirdiler. Şonuň üçinem Sen olary duşmanlarynyň eline berdiň. Duşmanlary olara ezýet berdiler. Horluk çekýärkäler, olar Saňa nalyş etdiler. Sen olaryň nalasyny gökden eşitdiň. Beýik rehimdarlygyň bilen ysraýyllary duşman elinden halas eder ýaly halasgärler berdiň. Emma janlary aram tapan badyna, olar Seniň öňüňde ýene-de pislik etdiler. Sen olary duşmanlarynyň elinde galdyrdyň. Duşmanlary olaryň üstünden agalyk sürdüler. Ýöne olar ýene Saňa nalyş edenlerinde, Sen gökden olaryň nalasyna gulak saldyň. Rehimdarlygyň bilen olary ençeme gezek halas etdiň. Sen olara Öz kanunyňa tarap öwrülmeklerini duýdurdyň. Emma olar şonda-da tekepbirlik edip, Seniň tabşyryklaryňa boýun egmediler; hökümleriňi berjaý etseler, ýaşajakdyklaryny bilseler-de, hökümleriňi ret etdiler. Olar gerişlerini ýükden sowup, boýnuýogynlyk etdiler, diňlemediler. Sen ençeme ýyllap, olar bilen sabyrly bolduň. Pygamberleriň arkaly, Öz Ruhuň bilen olara duýdurdyň. Emma şonda-da olar gulak asmadylar. Şonuň üçin hem Sen olary ýurtlaryň halklarynyň eline berdiň. Emma Öz tükenmez rehimdarlygyň bilen olary bütinleý ýok etmediň ýa-da terk etmediň. Çünki Sen merhemetli, rehimdar Hudaýsyň. Eý, ähtini we sadyk söýgüsini saklaýan Hudaýymyz! Beýik, gudratly hem haýbatly Hudaý! Aşur patyşalarynyň döwründen tä şu güne çenli patyşalarymyzyň, baştutanlarymyzyň, ruhanylarymyzyň, pygamberlerimiziň, ata-babalarymyzyň, Seniň halkyň bolan biziň başymyzdan inen jebir-jepalar Seniň gözüňe az görünmesin. Başymyzdan inen ähli jezalarda Sen adalatly bolduň. Çünki Sen wepaly bolsaň-da, biz erbetlik etdik. Ýöne rehim-şepagat edip, olaryň günäsini Ol bagyşlady, olary heläk etmedi, gaharyny köp gezek olardan sowdy, bütin gazabyny oýandyrmady. Bu köp adamlaryň günäleriniň bagyşlanmagy üçin dökülýän ganym arkaly baglanyşylýan ähtdir. Isa olaryň imanyny görüp, ysmaza: «Oglum, seniň günäleriň ötüldi» diýdi. Ol ýerde oturan Töwrat mugallymlaryň käbiri içinden: «Bu adam näme üçin beýle gepleýär? Ol Hudaýa dil ýetirýär! Günäleri ýeke-täk Hudaýdan başga kim ötüp biler?» diýip oýlandy. Ol ýerde oturan Töwrat mugallymlaryň käbiri içinden: «Bu adam näme üçin beýle gepleýär? Ol Hudaýa dil ýetirýär! Günäleri ýeke-täk Hudaýdan başga kim ötüp biler?» diýip oýlandy. Isa dessine olaryň näme pikir edýändigini ruhunda syzyp: «Näme üçin göwnüňize beýle pikirler getirýärsiňiz? Ysmaza haýsyny aýtmak aňsat: „Günäleriň ötüldi“ diýmekmi ýa-da: „Tur, düşegiňi al-da, ýöre“ diýmek? Emma siz Ynsan Oglunyň ýer ýüzünde günäleri ötmäge-de ygtyýarynyň bardygyny bilip goýuň» diýdi. Onsoň Ol ysmaza: Habardar boluň! Eger doganyň günä etse, oňa käýe. Eger ol toba etse, ony bagyşla. Ol saňa garşy günde ýedi gezek günä edip, ýedi gezek hem ýanyňa gelip: „Toba edýärin!“ diýse, ony bagyşla».
Выбор основного перевода