Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Men ýanyňyzda bolmasam-da, ruhda siziň bilendirin. Men edil ýanyňyzda bolan ýaly, şeýle iş edeniň üstünden Rebbimiz Isanyň adyndan eýýäm öz hökümimi çykardym. Siz bile ýygnananyňyzda men hem ruhda siziň bilen bolaryn. Şonda Isa Mesihiň güýji arkaly Men ýanyňyzda bolmasam-da, ruhda siziň bilendirin. Men edil ýanyňyzda bolan ýaly, şeýle iş edeniň üstünden Rebbimiz Isanyň adyndan eýýäm öz hökümimi çykardym. Siz bile ýygnananyňyzda men hem ruhda siziň bilen bolaryn. Şonda Isa Mesihiň güýji arkaly şeýle iş eden adamy şeýtana tabşyryň. Şonda onuň günäli tebigaty weýran bolup, Rebbiň geljek gününde ruhy halas bolup biler. Eýsem biz ýygnaga degişli bolmadyklaryň üstünden höküm çykarmalymy näme? Olaryň üstünden Hudaý höküm çykarar. Biz diňe ýygnaga degişli bolanlaryň üstünden höküm çykarmaly. «Siz öz araňyzdan pislik edýäni aýryp taşlaň». Siz imandaky doganyňyz bilen dawalaşanyňyzda, näme üçin onuň meselesine kazyýetde imansyzlaryň öňünde garaýarsyňyz?! Eýsem siz muny Hudaýyň halkynyň öňünde çözmeli dälmi? Siz Hudaýyň halkynyň bu dünýä kazylyk etjekdigini bilmeýärsiňizmi? Eger siz dünýä kazylyk etjek bolsaňyz, heý-de ownuk-uşak dawalary çözüp bilmersiňizmi? Eýsem siz biziň hatda perişdelere-de kazylyk etjekdigimizi bilmeýärsiňizmi? Gündelik durmuşyň işleri barada gürrüň-de ýok! Şeýle dawalaryňyz bar bolsa, näme üçin olary ýygnaga degişli bolmadyklaryň kazylygyna tabşyrýarsyňyz? Şeýle etmäge utanmaýarsyňyzmy? Eýsem araňyzda doganlaryň dawasyny çözüp biljek bir dana-da ýokmy? Tersine, dogan dogany bilen kazyýetde dawalaşýar. Munuň üstesine-de, olar muny imansyzlaryň öňünde edýärler! Eý, doganlar, bikär gezip, biziň taglymatymyza görä ýaşamaýan her bir dogandan daş durmagy Rebbimiz Isa Mesihiň adyndan size buýurýarys. Kim bu hatda aýdanlarymyza gulak asmasa, ony göz astyna alyň. Ol utanar ýaly, onuň bilen gatnaşmaň. onda ol hiç zada düşünmeýän tekepbirdir. Ol jedelleşmek we sözleriň manysy barada dawalaşmak keseline ýolugyp, göripligiň, agzalalygyň, töhmetleriň hem-de erbet şübheleriň döremegine sebäp bolýar. Bular zerarly pikirleri zaýalanan adamlaryň arasynda agzalalyklar ýüze çykýar. Olar hakykaty ýoýup, Hudaýyň ýörelgesi gazanç ýoludyr öýdýärler. Agzalalyk döredýän adama birki gezek öwüt-nesihat ber. Emma şonda-da pälinden gaýtmasa, ondan gaça dur.
Выбор основного перевода