Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Tersine, süýtden aýrylan çagany enäniň köşeşdirişi deý, janyma basalyk berdim we köşeşdirdim. Isa bolsa: «Çagalary Meniň ýanyma goýberiň, olary saklamaň, sebäbi Gögüň Şalygy şular ýalylaryňkydyr» diýdi. Size dogrusyny aýdýaryn, kim Hudaýyň Şalygyny çaga ýaly kabul etmese, ol ýere asla girip bilmez» diýdi. Men size fariseýiň däl-de, salgytçynyň aklanyp gidendigini aýdýaryn, sebäbi kim özüni ýokary tutsa, peseldiler, kim özüni pes tutsa, beýgeldiler». Onsoň başlaryna elini goýsun diýip, adamlar çagalary Isanyň ýanyna getirdiler. Muny gören şägirtler çagalary getirenlere käýediler. Emma Isa çagalary ýanyna çagyryp: «Çagalary Meniň ýanyma goýberiň, olary saklamaň, sebäbi Hudaýyň Şalygy şular ýalylaryňkydyr. Size dogrusyny aýdýaryn: kim Hudaýyň Şalygyny çaga ýaly kabul etmese, ol ýere asla girip bilmez» diýdi.
Выбор основного перевода