Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Nahar iýmek üçin, seždegähe çykmanka, edil gala giren ýeriňizde siz ony tapyp bilersiňiz. Çünki ol baryp, tä gurbanlyga pata berýänçä, adamlar nahar iýmezler. Ol barandan soň, çagyrylanlar nahary öňlerine alarlar. Indi haýal etmän ýokary çyksaňyz, siz ony taparsyňyz». Naharlanyp otyrkalar, Isa eline çörek alyp şükür etdi we ony döwüp, şägirtlerine berdi-de: «Alyň, iýiň, bu Meniň bedenimdir» diýdi. Şol wagt Tiberiýadan başga gaýyklar geldi. Gaýyklaryň saklanan ýeri Reb Isanyň Hudaýa şükür aýdan we halkyň çörek iýen ýerine golaýdy. Hudaýyň ýaradan zatlarynyň ählisi gowudyr. Şükür bilen kabul edilen her zat asla ret edilmeli däldir. Sebäbi Hudaýyň sözi we doga-dileg arkaly kabul edilen iýmit Hudaýyň nazarynda halaldyr.
Выбор основного перевода