Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ýol görkezýänler bu halky azaşdyrýarlar, olara eýerenler bolsa betbagtçylyga uçraýarlar. Ähli görnüş siziň üçin möhürli kitabyň sözleri kimindir. Ony okap bilýänlere berip: «Şuny oka» diýseňiz, olar: «Okap bilmeýäris, ol möhürlenen» diýerler. pygamberler galp pygamberlik edýärler, ruhanylar olaryň görkezmesi bilen dolandyrýarlar. Meniň halkym bolsa muny söýýär. Emma bu zatlaryň soňy gelende näme edersiňiz?» Waý halyňyza, eý, kör ýolbaşçylar! Siz: „Kim ybadathanadan ant içse, bu hiç zat saýylar, emma kim ybadathananyň altynyndan ant içse, ol öz antyny berjaý etmäge borçludyr“ diýýärsiňiz Eý, körleri idýänler! Siz suwy süzüp, çybyny aýyrýarsyňyz, emma düýäni ýuwudýarsyňyz! Isa olara bir tymsal hem aýdyp berdi: «Kör köri idip bilermi? Ikisi hem çukura gaçmazmy?! Muny diňläp duran fariseýleriň käbiri Ondan: «Eýsem bizem körmi?» diýip soradylar. Sen bilimiň we hakykatyň nusgasy bolan Kanuna eýe bolanyň üçin, özüňi körleriň idijisi, tümlükdäkileriň yşygy, akmaklaryň terbiýeçisi, bilimsizleriň mugallymy hasaplaýarsyň.
Выбор основного перевода